Turkmen - "God Made Us All".mp3 / "التركمان - "الله جعلنا كلنا.mp3
ÝOHANNA 1 - Söz
1. Owal-başda Söz bardy, Söz Hudaý bilendi, Söz Hudaýyň Özüdi.
2. Owal-başda Ol Hudaý bilendi.
3. Tutuş barlyk Söz arkaly ýaradyldy, ýaradylan zatlaryň hiç biri Onsuz ýaradylmady.
4. Söz ýaşaýyş çeşmesidir, bu ýaşaýyş ynsanlaryň Nury boldy.
5. Nur tümlükde parlaýandyr, tümlük bolsa Ony ýeňip bilmedi.
6. Hudaý tarapyndan Ýahýa atly bir adam iberildi.
7. Ýahýa Nur barada şaýatlyk etmäge we öz şaýatlygy arkaly hemmeleri ynandyrmaga geldi.
8. Ýahýanyň özi Nur däldi, ol diňe Nur barada şaýatlyk etmäge geldi.
9. Her bir ynsany nurlandyrýan hakyky Nur dünýä geldi.
10. Ol dünýädedi, dünýä Ol arkaly ýaradylypdy, emma dünýä Ony tanamady.
11. Ol Özüniňkilere geldi, emma olar Ony kabul etmedi.
12. Ol Özüni kabul edip, adyna iman edenleriň hemmesine Hudaýyň perzentleri bolmak hukugyny berdi.
13. Olar ne ten, ne ynsan isleginden, ne-de är höwesinden doglupdylar. Olar Hudaý tarapyndan doglan perzentlerdir.
14. Söz ynsan bolup, aramyzda ýaşady. Ol merhemetden we hakykatdan doludy. Biz Onuň şöhratyny, ýagny Atadan gelen Ýeke-tägiň şöhratyny gördük.
15. Ýahýa Isa barada şaýatlyk edip, batly ses bilen: «Ine, Menden soňra geljek Menden üstündir, sebäbi Ol menden hem owal bardy diýenim Şudur» diýip gygyrdy.
16. Biziň hemmämiz Onuň çäksiz merhemeti arkaly ýalkanyş üstüne ýalkanyş aldyk.
17. Çünki Mukaddes Kanun Musa arkaly berildi, merhemet we hakykat bolsa Isa Mesih 1:17 Mesih – ýewreýler bu sözi Hudaý tarapyndan wada berlen Patyşa babatynda ulanýardylar, heniz hem ulanýarlar. Sözlüge seret. arkaly peýda boldy.
18. Hudaýy hiç kim asla gören däldir. Bize Ony Atasynyň gujagyndaky, Özi-de Hudaý bolan ýeke-täk Ogly
1:18 Ogul – Köne Ähtde patyşalar «Hudaýyň ogly» diýip atlandyrylýardy. Täze Ähtde bolsa bu at Hudaý tarapyndan saýlanyp-seçilen diýmegi aňladýar. Sözlükde «Hudaýyň Ogly» sözüne seret. 1:18 Atasynyň gujagyndaky Özi-de Hudaý bolan ýeke-täk Ogly – käbir golýazmalarda Atasynyň gujagyndaky ýeke-täk Ogly. tanatdy.